Möhüm ugurlarda oňyn çözgütler

3 Maý 2021
770

30-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli wajyp meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny mundan beýläk hem ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisine, ilki bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowany we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewi göni wideoaragatnaşyga çagyryp, mähriban halkymyzyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryny ösdürmek we ýaşlaryň arasynda wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler barada pikir alyşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Özbegistanda «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň özbek dilinde neşir edilmeginiň halkymyz üçin uly hormatdygyny belledi.

«Watan».
Beýleki habarlar