Milli Liderimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitaby özbek dilinde neşir edildi

3 Maý 2021
695

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň özbek dilinde çapdan çykmagy Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň täze alamaty boldy. Bu neşir iki goňşy halky birleşdirýän, asyrlaryň dowamynda taryhy we medeni taýdan ýola goýlan özara hoşniýetli erke esaslanan netijeli döwletara gatnaşyklaryň özboluşly nyşanyna öwrüldi.

Türkmenleriň milli däp-dessurlaryndaky belent ynsanperwer umumadamzat ýörelgeleri hormatly Prezidentimiz iň köptaraply edebi döredijiliginde beýanyny tapýar. Döwlet Baştutanymyzyň dünýäniň dürli dillerine terjime edilen eserleri halkara jemgyýetçilikde örän uly gyzyklanma döredýär.

Metbugat habarlary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar