Köpasyrlyk däplerimiz mynasyp dowam etdirilýär

30 Aprel 2021
835

29-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Gypjakda ýerleşýän Baş metjitde agzaçar sadakasyny berdi, oňa şol gün paýtagtymyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Oguz han» köşkler toplumynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini milli Liderimiz mähirli garşylady. Dostlukly goňşy döwletiň Baştutany hormatly Prezidentimiziň kakasynyň aradan çykmagy zerarly milli Liderimize we maşgala agzalaryna gynanç bildirip, şu agyr pursatlarda sabyr-takatlylyk, ruhy durnuklylyk arzuw etdi. Belent mertebeli myhman şeýle hem türkmen Lideriniň Türkmenistanyň Baş metjidinde berýän agzaçar sadakasyna gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belläp, berilýän sadakanyň, okalýan aýat-töwirleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi. Duýgudaşlyk we medet beriji sözler üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz Özbegistanyň Prezidentiniň şu agyr pursatlarda hakyky dost hökmünde gynanjyny paýlaşýandygyna ýokary baha berýändigini belledi.

"Nesil".
Beýleki habarlar