Täze parlament gurluşynda ýaşlar syýasaty

30 Aprel 2021
824

Golaýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň birinji bilelikdäki mejlisiniň geçirilmegi ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň, gözel paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň ýokary ruhubelentlikde garşylanýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm ähmiýetli taryhy wakalaryň biri boldy. Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly başlangyçlary esasynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli demokratiýamyzyň dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň sazlaşygynda kämilligiň täze belentliklerine göterilýändigi äşgär edildi.

Hormatly Prezidentimiziň Milli Geňeşiň iki palatasynyň birinji bilelikdäki mejlisinde eden çuň mazmunly taryhy çykyşynda nygtaýşy ýaly, berkarar döwletimiz giň gerimli özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ata Watanymyzyň köptaraply ösüşine, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşyna gönükdirilen syýasy, ykdysady, durmuş hem-de medeni özgertmeler Halk Maslahatynyň agzalarynyň öňünde uly wezipeleri goýýar. Şol wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen baglylykda, onuň düzüminde degişli komitetleriň bäşisi döredildi. Täze döredilen Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, Ykdysadyýet, maliýe we durmuş syýasaty, Ylym, bilim, sanly ulgam, sport we medeniýet, Sebitleýin ösüş, daşky gurşawy goramak we agrosenagat syýasaty, Halkara meseleler baradaky komitetleriň esasy maksatlary, öňlerinde durýan wezipeleri aýdyň kesgitlenildi.

Guwanç ÇENDIROW,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar