Demokratik özgertmeler: tejribe alyşmakda oňyn hyzmatdaşlyk

30 Aprel 2021
1241

Her ýylyň başynda döwlet Baştutanymyz milli parlamentiň deputatlary bilen duşuşyk geçirip, kanunçykaryjylyk ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek babatda gymmatly maslahatlary berýär. Dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek, abraýly halkara guramalar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek babatda möhüm çözgütleri öňe sürýär.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen baglanyşykly, şeýle-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli hem-de bu ugurda parlamentarileriň öňünde durýan möhüm wezipelerden ugur alyp, şu ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi parlament ýolbaşçylarynyň arasynda «Halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde parlamentarileriň orny» atly duşuşyk geçirdi. Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygynda guralan sanly wideoaragatnaşyk arkaly maslahata dünýäniň ençeme döwletleriniň wekilleriniň gatnaşmaga we çykyş etmäge isleg bildirmegi milli Liderimiziň parahatçylyga, ynanyşmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň giň goldaw tapýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Merjen BORJAKOWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň hünärmeni.
Beýleki habarlar