Ruhy gymmatlyklara sarpa

30 Aprel 2021
765

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gypjakda ýerleşýän Baş metjitde agzaçar sadakasyny berdi. Oňa şol gün paýtagtymyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdy.

Iki dostlukly ýurduň Liderleriniň arasynda geçirilen gepleşikleriň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan türkmen-özbek gatnaşyklary hakyky dost-doganlyga hem-de ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerini dowam etdirýän halklarymyzyň köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk däplerine daýanýar.

«Aşgabat».
Beýleki habarlar