28-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideomaslahat görnüşinde «ARETI» (Şweýsariýa) halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow, «King&Spalding» hukuk kompaniýasynyň baş direktory hem-de hyzmatdaşy Endrýu Hruska, «Rizvi Traverse Management LLC» kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri we baş maýa goýum direktory Suhail Rizwi, «Legacy» maliýe kompaniýasynyň baş direktory, «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň prezidentiniň geňeşçisi Ýewgeniý Frenkel bilen duşuşyk geçirdi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändikleri üçin işewürlere minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiz Türkmenistanda taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmak üçin halkara maýadarlaryň konsorsiumynyň döredilmegi babatda gepleşikleriň başlanýandygyny goldap, işewürleriň ähli ugurlar boýunça tekliplerine garamaga taýýardygyny nygtady.