Agzaçar sadakasy berildi

30 Aprel 2021
900

Öňňin tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatymyzyň Baş metjidinde hem agzaçar sadakasy berildi. Bu çäre mukaddes Oraza aýynyň iň arzyly dessurydyr. Ýagşy aýda ruhy päklik bilen ynsanperwerlikli, hoşniýetli däp-dessurlary dowam etdirmek gadymy ata-babalarymyzdan biziň şu günlerimize gymmatyny ýitirmän gelip ýeten ýörelgeleriň biridir. Bu ýörelgeler ynsanlaryň arasyndaky bir-birege hormaty, ynamy berkitmek bilen, sahawatly işleriň berjaý edilmegine itergi berýär. Häzirki döwrümiziň ösüşleri bilen aýrylmaz baglanyşykly dowam edýän bu özboluşlylyk milletimiziň mizemez ruhy gymmatlygynyň ajaýyp nusgasydyr.

Agzaçar sadakasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kyblasy Mälikguly Berdimuhamedowy ýatlama çäreleri bilen utgaşdy. Agzaçar sadakasynda tebärek çykylyp, milli tagamlar çekildi. Soňra ýurdumyzyň parahatçylygy, halkymyzyň abadançylygy, Gahryman Arkadagymyzyň beýik tutumlaryna rowaç, mähriban kyblasynyň jaýynyň jennet bolmagy dileg edilip, aýat-töwir okaldy.

«Daşoguz habarlary».
Beýleki habarlar