Sadakalar kabul bolsun!

30 Aprel 2021
888

Golaýda Mary şäheriniň Gurbanguly hajy metjidinde ata-babalarymyzdan miras galan asylly däp-dessurlarymyza eýerilip mübärek Oraza aýynda agzaçar sadakasy berildi. Asyrlar aşyp gelýän ýagşy däp-dessurlaryň dowam edip gelýändigini alamatlandyrýan bu agzaçar sadakasynyň hormatly Prezidentimiziň mähriban kyblasy Mälikguly Berdimuhamedowy hatyralaýan çäreler bilen utgaşmagynda çuňňur many bar.

Şol gün welaýat merkezimizdäki metjit köp adamly boldy. Metjitde il sylagly ýaşulular, ak saçly eneler, edara-kärhanalaryň, guramalaryň wekilleri ýygnanyp, olar mübärek Oraza aýynda berilýän agzaçar sadakasyna gatnaşdylar. Agzaçar sadakasynda däbe eýerilip, ýygnanlara tagam çekildi. Tagam iýlenden soň halkymyzyň abadançylygy we ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi dileg edildi. Şeýle hem Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedowyň jaýynyň jennet, ruhunyň şat bolmagy üçin aýat-töwir okaldy.

Beýleki habarlar