Obasenagat toplumy — milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy

28 Aprel 2021
883

26-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň baş şäherini we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, öňde boljak şanly senelere görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän maslahata milli Liderimiz, ilki bilen, Aşgabat şäherine gözegçilik edýän wise-premýeri hem-de paýtagtymyzyň häkimini çagyrdy. Häkim häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde şanly senelere taýýarlyk görlüşi barada habar berildi. Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çärelere hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegiň möhümdigine ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz bu ugurdaky işleri aýratyn gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

"Nesil".
Beýleki habarlar