Şanly toýuň şanyna

28 Aprel 2021
949

26-njy aprelde Türkmenistanyň Serhet institutynda şu ýyl ilkinji gezek Türkmen bedewiniň milli baýramynyň Türkmen alabaýynyň baýramy bilen bilelikde guralan dabaralaryň çäklerinde türkmen alabaýlarynyň arasynda geçirilen «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşikde Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna degişli Akhan atly alabaýyň baş baýraga eýe bolmagy mynasybetli dabara geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow serhetçilere alabaýyň güjükleriniň 7-sini sowgat berdi. Şol gün döwlet Baştutanymyz serhetçi esgerler bilen söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halkynyň taryhynyň dowamynda dünýä ykrarnamasyna eýe bolan we umumydünýä gymmatlyklarynyň möhüm bölegine öwrülen türkmen halysy, ahalteke atlary, türkmen alabaýy ýaly milli gymmatlyklary döredendigini gürrüň berdi. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň pent-nesihatlaryndan, tabşyryklaryndan ugur alnyp, türkmen alabaýlaryny köpeltmek, olaryň tohumçylyk hem-de seçgiçilik işini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň binýadynda «Türkmen alabaý» tohum itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş merkezi döredildi. Şoňa görä, Akhanyň hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen döredilen halkara bäsleşigiň ýeňijisi bolmagy milli Liderimiziň öňde goýan wezipeleriniň netijeli çözülýändigine güwä geçýär.

"Nesil".
Beýleki habarlar