15-nji aprelde paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda iri desgalaryň ikisiniň — Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň we Kabul ediş merkeziniň açylyş dabarasy boldy hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahatyň dabaraly mejlisi geçirildi.
Şanly waka mynasybetli bu ýere ýygnananlar döwlet Baştutanymyzy ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.