12-nji aprelde paýtagtymyzda «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň hem-de «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalarynyň açylyş dabarasy boldy. Şu mynasybetli dabaralara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 15-nji fewralynda gol çeken Kararyna laýyklykda gurluşygy amala aşyrylan bank ulgamynyň desgalarynyň açylmagy şanly senä — Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.