Ýurdumyzyň bank ulgamynyň işi kämilleşdirilýär

13 Aprel 2021
773

Öňňin paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň hem-de «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalarynyň açylyş dabarasy boldy.

Bank ulgamynyň bu täze desgalarynyň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 15-nji fewralynda gol çeken Kararyna laýyklykda, «Bouygues Batiment International» meşhur fransuz kompaniýasy tarapyndan amala aşyryldy. Olaryň açylmagy Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy hem-de ýurdumyzyň yzygiderli ykdysady ösüşiniň, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.

«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar