Durnukly ösüş üpjün edilýär

12 Aprel 2021
832

Häzirki wagtda eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny mynasyp sowgatlar bilen garşylamaga taýýarlyk görýän ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda diýen ýaly guwandyryjy netijeler gazanylýar. Muňa şu ýylyň geçen üç aýynyň jemleri hem aýdyň şaýatlyk edýär. Bular barada Ministrler Kabinetiniň geçen hepdäniň anna güni geçirilen giňişleýin mejlisinde aýratyn durlup geçildi. Mejlisde 2021-nji ýylyň 1-nji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy we degişli hasabatlar diňlenip, amala aşyrylan işlere baha berildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hökümetiň mejlisinde bellenilişi ýaly, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi içerki önümiň ösüşi 5,9 göterim ýokarlandy, şol sanda senagat pudagynda 3,9 göterim, gurluşyk pudagynda 0,3 göterim artdy.

«Aşgabat».
Beýleki habarlar