Durnukly ösüşi üpjün etmäge möhüm ähmiýet berilýär

11 Aprel 2021
765

Geçen anna güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garalan bu mejlisde degişli hasabatlar diňlenip, amala aşyrylan işlere baha berildi. Şeýle hem mejlisde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wajyp wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlise birnäçe ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň, welaýatlaryň häkimleri çagyryldy.

«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar