Milli gymmatlyklarymyz rowaçlanýar

7 Aprel 2021
1004

Ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala getiren milli gymmatlyklary bolan ahalteke bedewlerimiziň we türkmen alabaýlarynyň şöhraty bagtyýar zamanamyzda has-da belende galýar hem-de halkymyzyň kämil seýisçilik we itşynaslyk mekdebiniň ýörelgeleri döwrebap şekilde dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň 5-nji aprelde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda bolup, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atçylyk toparlarynyň baýramçylyk çärelerine taýýarlygy hem-de Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň binalar toplumynyň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşmagy hem bu hakykaty bütin aýdyňlygy bilen şöhlelendirdi.

Ir bilen döwlet Baştutanymyz Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň çägine geldi. Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna harby we hukuk goraýjy edaralaryň atçylyk toparlarynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli guraljak baýramçylyk çärelerine taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty kabul edip, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda ýurdumyzyň Goranmak ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň we Döwlet serhet gullugynyň atçylyk toparlarynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk işleri bilen tanyşdy.

Beýleki habarlar