Watana halal gulluk etmek — mukaddes borç

7 Aprel 2021
855

6-njy aprelde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle hem Türkmenistanda howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, sanly ulgamy ornaşdyrmagyň hasabyna olaryň işini kämilleşdirmek hem-de maliýe serişdeleriniň maksada laýyk ulanylmagyna gözegçilik etmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň garamagyndaky düzümlerde şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabatlaryny diňledi. 

«Daşoguz habarlary».
Beýleki habarlar