Habarlar

7 Aprel 2021
902

HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ GUTLAGY
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna Gutlag iberdi. Gutlagda şeýle sözler bar: «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Bütindünýä saglyk güni parahatçylygy, dostlugy, sporty hem-de ynsanperwerligi rowaçlandyrýan, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da berkidýän şanly wakalara beslenýär. Bahar paslynyň jana şypaly günlerinde bu halkara baýramyň şanyna Aşgabat şäherinde, welaýat we etrap merkezlerinde geçirilýän dürli çäreler agzybir halkymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny belende göterýär».

* * *

Metbugat habarlary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar