Ahalteke atşynaslygynyň nusgalyk däpleri baýlaşdyrylýar

7 Aprel 2021
895

5-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda bolup, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atçylyk toparlarynyň taýýarlyk işleri bilen tanyşdy. Şeýle hem milli Liderimiz bu ýerde geçirilen çapyşyklara tomaşa etdi we ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigine taýýarlanýan bedewleri synlady.

Ir bilen döwlet Baştutanymyz Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň çägine geldi. Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç. Amanow Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna harby we hukuk goraýjy edaralaryň atçylyk toparlarynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli guraljak baýramçylyk çärelerine taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Beýleki habarlar