Behişdi bedewlere buýsanç

6 Aprel 2021
810

Öňňin Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda bolup, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atçylyk toparlarynyň taýýarlyk işleri bilen tanyşdy. Şeýle hem milli Liderimiz bu ýerde geçirilen çapyşyklara tomaşa etdi we ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigine taýýarlanýan bedewleri synlady.

Ir bilen Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň çägine gelen döwlet Baştutanymyza Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow harby we hukuk goraýjy edaralaryň atçylyk toparlarynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli guraljak baýramçylyk çärelerine taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar