Aýdyň maksatlar rowaçlanýar

5 Aprel 2021
762

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow golaýda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmegiň hem-de şanly senelere taýýarlyk görmegiň wajyp meselelerine garaldy.

Iş maslahatynda berlen hasabatlarda welaýatlarda ýeralmanyň we soganyň, şeýle hem beýleki gök önümleriň ýokary hasylyny almak boýunça degişli çäreleriň görülýändigi aýdyldy. Şeýle hem, ýazky bag ekmek möwsüminiň çäklerinde nahallary oturtmak we pile öndürmek boýunça meseleleri netijeli çözmek babatda degişli çäreleriň amala aşyrylýandygy bellenildi.

«Aşgabat».
Beýleki habarlar