Sebitler durmuş-ykdysady taýdan ösdüriler

5 Aprel 2021
911

2-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmegiň hem-de şanly senelere taýýarlyk görmegiň wajyp meselelerine garaldy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň hasabatlaryny diňländen soň, gowaça ekişiniň barşyny, daýhanlaryň zerur serişdeler bilen üpjünçiligini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy we gowaça ekişinde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň ýokary öndürijilikli işledilmegini üpjün etmek meselelerini çözmek boýunça görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmaga we bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmäge aýratyn üns bermegiň, şu maksat bilen welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmek boýunça işleriň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi.

«Watan».
Beýleki habarlar