Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

5 Aprel 2021
871

2-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmegiň hem-de şanly senelere taýýarlyk görmegiň wajyp meselelerine garaldy.

Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Ahal welaýatynyň häkimi Ý. Gurbanow, Balkan welaýatynyň häkimi T. Atahallyýew, Daşoguz welaýatynyň häkimi N. Nazarmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş. Amangeldiýew özleriniň ýolbaşçylyk edýän sebitlerinde işleriň ýagdaýy, hususan-da, gowaça ekişiniň barşy, ak ekinlere ideg edilişi, pile möwsümine görülýän taýýarlyk işleri, şeýle hem welaýatlaryň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky dürli maksatly desgalaryň gurluşygy barada hasabat berdiler.

Beýleki habarlar