Kämil kanun — berk binýat

2 Aprel 2021
951

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda ýurdumyzda gazanylýan ykdysady-durmuş üstünliklerimizi we beýleki ugurlarda ýetilýän belent sepgitlerimizi berkitmek, kanunçylyk ulgamyny has-da kämilleşdirmek, döwletimiziň syýasy-hukuk ulgamyny döwrebap derejede özgertmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz gysga wagtyň içinde durmuş-ykdysady ösüşiň belentliklerine sary aýgytly gadam urdy we uly ösüşlere, özgerişliklere eýe boldy. Jemgyýetimiziň ähli ugurlary bilen birlikde, döwletimiziň hukuk ulgamyny kämilleşdirmekde hem ençeme işler durmuşa geçirildi. Mähriban Prezidentimiziň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri halkymyz we dünýä bileleşigi tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolup, ýurtda kanunçylygyň ösmegine giň badalga berdi. Hormatly Prezidentimiz döwletimizi we jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmakda dünýä tejribesini özleşdirip, milli tejribämizi kämilleşdirmekde hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň öňünde uly wezipeleri goýýar.

Şirmyrat ŞYHDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň kazyýet ýerine ýetirijisi.
Beýleki habarlar