Watanyň ýüregi — Aşgabat

31 Mart 2021
890

Mermer paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen gurlup, ulanmaga berilýän önümçilik we durmuş maksatly binalardyr desgalar Aşgabadyň gurluşyk infrastrukturasynyň has-da ösýändigini we ýaşaýjylar üçin ähli amatlyklary özünde jemleýän şäherdigini tassyklaýar. Hususan-da, paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly işler döwlet Baştutanymyzyň üns merkezinde saklanýar. Munuň şeýledigini «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň 16-njy martynda milli Liderimiziň paýtagtymyz hem-de Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň birnäçe desgalaryndaky we beýleki gurluşyklardaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşmagy hem doly tassyklaýar.

Bu günki gün Aşgabat belent ösüşleriň şäheri hökmünde tanalýar. Ak şäherimizde bina edilýän ak mermerli binalarda özara sazlaşyk bar. Olar Watanymyzyň ähli ugurlarda ýetýän belent sepgitlerini, bedew batly ösüşlerini, şöhratly türkmen halkynyň galkynyşyny alamatlandyrýar. Ata Watanymyzyň ýüregi — gözel şäherimiz Aşgabatda iri halkara maslahatlary geçirilýär, umumadamzat bähbitli çözgütler kabul edilýär, möhüm döwlet çäreleri durmuşa ornaşdyrylýar. Munuň özi paýtagtymyzyň durmuş-ykdysady taýdan has-da ösen merkezdigini dolulygyna subut edýär.

Şemşat AŞYROWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar