Deň­hu­kuk­ly­lyk — de­mok­ra­ti­ýa­nyň mö­hüm şer­ti

25 Mart 2021
1341

Ata-babalarymyzyň belent ynsanperwerlik mirasy, däp-dessurlary, türkmen halkynyň belent ruhy sütünleri demokratiýany, kanunyň hökmürowanlygyny, şahsyýetiň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygyny berkitmegiň binýadyny emele getirýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetiň özeni, esasy daýanjy hökmünde maşgala uly orun degişli bolup durýar. Şol mukaddes ojagyň mährem ýüregi, çagalaryň baş terbiýeçileri bolsa zenanlarymyzdyr. Islendik döwletde her bir maşgalanyň abadançylygy we jemgyýetiň ösmegi, sagdyn jemgyýetde kämil şahsyýetleriň kemala gelmegi üçin zenanlaryň hukuklarynyň goralmagy, olaryň deňhukuklylygynyň üpjün edilmegi möhümdir.

Aýallaryň hukuklarynyň deňligi BMG-niň esas goýujy ýörelgeleriniň biri bolup durýar. BMG-niň Tertipnamasynyň girişinde ynsan şahsyýetiniň mertebesine we gymmatlygyna hem-de aýallaryň we erkekleriň deňhukuklylygyna öz ynamyny tassyklamagyň onuň esasy maksatlarynyň biri bolup durýandygy kesgitlenendir.

Welimyrat ÖWEZOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar