Nowruz — kalplaryň joşguny

24 Mart 2021
935

Gündogar halklarynyň arzyly baýramlarynyň biri bolan Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bu ýyl hem ýurdumyza özboluşly dabara bilen geldi. Bu ajaýyp baýram mynasybetli Watanymyzyň çar künjeginde şowhunly, milli we döwrebap äheňli aýdym-sazlara beslenen baýramçylyk çäreleri geçirildi. Şeýle çäreleriň biri-de Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň ilkinji ýaşlar guramasy hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi bilen bilelikde Watan öňündäki çagyryş boýunça harby gulluk borçlaryny berjaý edýän Watan goragçylarynyň arasynda geçirilen şygryýet bäsleşigidir.

Bagtyýar döwrümizi, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan adyl ýoluny, Watana bolan belent söýgini wasp edýän ajaýyp aýdym bilen açylan şygryýet bäsleşigi turuwbaşdan uly ruhubelentlige beslendi. Öz ýürek joşgunlaryny şygra geçirip, okap berýän ýaş esgerleriň çykyşlarynyň arasyna Watan goragçylaryndan düzülen «Watançy» aýdym-saz toparynyň joşgunly çykyşlarynyň hem goşulmagy baýramçylyk çäresine aýratyn bezeg berdi. Ady agzalan toparyň wäşileri hem gülküli sahnalary bilen harby gullukçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryny gazanmagy başardylar.

«Esger».
Beýleki habarlar