Dost-doganlygyň nyşany

21 Mart 2021
1540

Halkara Nowruz gününiň dabaralary gadymy Ahal ýaýlasynda hem şatlyk-şagalaňa beslenýär. Milli bahar baýramy bilen goşalanyp bellenilýän bu ajaýyp sene mynasybetli Ahal welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Eýran Yslam Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň hem-de goňşy ýurduň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň guramagynda geçirilen çäreler baýramçylyk dabaralarynyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Ahal welaýat häkimliginiň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň Medeniýet we yslamy ugrukdyryş Baş müdirliginiň wekilleriniň arasynda sanly ulgam arkaly geçirilen wideomaslahat has-da täsirli boldy. Welaýat häkimliginde bolan wideomaslahatda iki goňşy ýurduň wekilleri birek-biregi Halkara Nowruz baýramy mynasybetli gutlagda bu ajaýyp senäniň ähmiýetini bellediler. Onuň barşynda edilen çykyşlarda häzirki wagtda iki goňşy ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki ugurlarda bolşy ýaly, medeni-ynsanperwer ugurlardaky döwletara gatnaşyklarynyň täze belentliklere çykýandygy, iki ýurduň Liderleriniň tagallalary netijesinde halklarynyň arasyndaky köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň barha pugtalanýandygy barada guwanç bilen gürrüň etdiler.

Ýörite habarçymyz.
SURATLARDA: sergiden pursatlar. Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.
Beýleki habarlar