Habarlar

18 Mart 2021
1210

1-nji fewral. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, geçiriljek ekiş möwsümine taýýarlyk görmek meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy hem-de welaýatlaryň ýolbaşçylarynyň alnyp barlan işler baradaky hasabatlary diňlenildi.

Şol gün. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň barşy bilen tanyşdy. Milli Liderimiz harby gullukçylar üçin lybaslaryň nusgalaryny gözden geçirip, olar babatda birnäçe bellikleri aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, döwrebap harby lybaslaryň ýokary hilli, degişli aýratynlyklary bolan matalardan taýýarlanylmalydyr hem-de bildirilýän talaplara, şol sanda howa şertlerine doly kybap gelmelidir. Bu olaryň niýetlenen maksadyny, gelşikliligini nazara almak bilen, harby egin-eşikleriň amatlylygyna degişlidir.

Beýleki habarlar