Parahatçylygyň döreýşi

17 Mart 2021
712

Aslynda «Türkmen parahatçylygy» diýen düşünje asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýar. Onuň türkmenleriň taryhyndaky özboluşly geçen ýoly, biziň häzirki bagtyýarlyk döwrümize ajaýyp sazlaşyk bilen goşulýar. «Parahatçylyk» diýen düşünje, gadymy halkymyzda «dünýägaraýyş» diýen beýik pelsepä ulaşýar. Dünýägaraýyş bolsa, jümle-jahanda asuda, abadan ýaşaýşy diňe bir ykrar etmek däl-de, eýsem, ony berkarar etmekden ybaratdyr.

Nesilbaşymyz Oguz han Türkmen eýýamynda «parahatçylyk» sözi goňşy döwletleriň özara ylalaşygynda ýüze çykypdyr. Goňşy-goňşudan arkaýyn bolsa, onda her bir döwlet özüniň abadan ösüşini üpjün edip bilýär. Goňşular bolup, uzakdan gelen ýowy agzybirlikde gaýtaryp, parahatçylygy, ýeňşi gazanmak iň bir möhüm şertdir. Munuň üçin bolsa, hökmany suratda birek-birege bolan ynam gerek. Diňe ynamyň bar ýerinde parahatçylygy berkarar edip bolýar.

Şöhrat MÜLKIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Aşgabat şäher gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.
Beýleki habarlar