Tebigatyň täsin dünýäsi

16 Mart 2021
2144

Biziň daş-töweregimizi gurşap alan tebigat täsinliklere örän baý. Şonuň üçin kämahal oýuňa-küýüňe gelmeýän maglumatlara hem gabat gelýärsiň. Men kärim boýunça biologiýa mugallymy bolamsoň, dürli ösümlikler, olaryň täsin, özboluşly häsiýetli görnüşleri bilen gyzyklanýaryn. Şolaryň hatarynda mör-möjekler bilen iýmitlenýän ýyrtyjy ösümlikler hem bar. Guraýan sapaklarymda okuwçylara şolar dogrusynda gürrüň berip, olaryň tebigatyň köpdürlüligi baradaky düşünjelerini, dünýägaraýşyny giňeltmäge çalyşýaryn.

Häzirki döwürde dünýäde ýyrtyjy ösümlikleriň 450-den gowrak görnüşi mälimdir. Olar kadaly ýaşaýşyny üpjün etmek üçin gerek bolan ýokumly maddalaryň ählisini toprakdan alýar. Ýöne iýmite garyp bolan toprakda ösýändigi sebäpli olar özlerine gerek bolan fosforyň, azodyň, natriý, kaliý, magniý duzlarynyň öwezini dolmak üçin mör-möjekleriň belogyndan peýdalanýar. Şol ösümlikler öz janly awlaryny tutmak üçin küýze görnüşindäki ýapylýan ýapraklaryny, şepbeşik ýapraklaryny, sorujy we konus şekilli duzaklaryny ulanýarlar.

Şemşat EÝEBERENOWA,
Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 88-nji orta mekdebiň biologiýa mugallymy.
Beýleki habarlar