Mülkdaryň batly gadamlary

1 Mart 2021
1599

Köneürgenç etrabynda oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl alyp, azyk bolçulygyna uly goşant goşýan daýhan hojalyklary, mülkdarlar näçe diýseň bar. Olar özleriniň çekýän päk zähmetleri bilen her ýyl oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýärler. Şeýle mülkdarlaryň biri hem Gurbanmyrat Ýazmyradowdyr.

«Akgala» daýhan birleşiginiň çäginden 3 gektar ýer mundan ýigrimi ýyl ozal Gurbanmyrat aga mülk edip berildi. Şondan bäri ol her ýyl özüniň mülk ýerinde däneli ekinleriň birnäçe görnüşini ösdürip ýetişdirýär. Mülkdaryň köp ýyllyk tejribesi ýerden bir ýylda iki hasyl almaga mümkinçilik berýär.

Gülhumar HOJAHMETOWA,
TAP-niň Köneürgenç etrap komitetiniň hünärmeni.
Beýleki habarlar