Bagtyň başga syry ýok

24 Fewral 2021
825

Ömrüň gymmaty onuň näçe günden ybaratdygy bilen kesgitlenenok. «Sanalgy» diýlip at berilýän ykbal paýy il-güne, Watana bagyş edilen zähmetler bilen doldugyça, ömrüň manysy artyp gidýär. Aslynda, bagtyňy bezemegiň şondan başga syry hem ýok, il haýryna zerre gadar yhlas etseň, göwnüň gül-pürçükli bagy-bossana, ömrüň at-abraýly aýdym-dessana öwrüliberýär. Käteler pikir bedewleriniň jylawyny ýazdyryp, ýaşaýyş hakdaky serhetsiz oý-hyýallarda at segredeniňde, ykbalyň jomartlygyna haýran galýarsyň. Ol ynsanyň bagtly bolmagy üçin zerur zady onuň hut öz ýanynda, öz alnynda häzir edip goýupdyr welin, bagtyýarlygy başga ýerlerden gözleýänleri ýatlanyňda ýylgyranyňy duýman galýarsyň. Şonda birmahallar bir kitapdan okan sözlerim güpbe ýadyma düşýär: “Köp adamlaryň bagtyýarlygy tapmaýandygy, ony goýlan ýerinden däl-de, başga ýerden gözleýändigi üçindir”. Ynan, hözirli durmuşyň özeni, göwnüň giňligi, ruhuň belentligi, synaň sagdynlygy, bagtyň syry, ömrüň manysy — Watana, halka hyzmat etmekde, mukaddes topragyňy hem-de asylly ýol-ýörelgäňi hormatlamakda. Hakyky döwletlilik öz iliňde, öz döwletiňdedir.

Bu ýerleriň neneňsi tebigatynyň, tebigatynyň nähili häsiýetiniň, niçiksi aýratynlygynyň bardygyny bilmeýän az-azdyr. Irki döwürlerde «Şu topragyň bereketi ýoksun, döwleti ornasyn, häsiýeti siňsin» diýip, argyşa daklyşyp, kölügli ýa-da paý-u pyýada görmäge, gezmäge gelenler, bu ýerde bir gün, bir hepde ýa-da bir aý bolmagy özlerine bagt bilenler hakda taryhy ýazgylar bar. Gaýry ýerde kazasy dolanam bolsa, «meni şol ýerlerde topraga düýnäň» diýip sargyt eden keramatly adamlaryň, akyldar-danalaryň bolandygy ygtybarly çeşmelerde beýan edilýär. «Bu ýer jennetiň zemindäki nusgasydyr» diýen jümläni hem daşary ýurtly jahankeşde alymlar hut biziň topraklarymyz üçin aýdyp gidipdirler. Gör, biz nähili nesibeli halk! Gör, nähili bagt — täze medeni galkynyşlaryň gaýta-gaýta kemala gelýän ýerinde, Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde, durnukly ösüşiň dünýä nusgalyk jandamarynda, bagtyýarlygyň mesgeninde, dünýäde ykrar edilen Beýik Lideriň saýasynda ýaşamak! Ozalynda bu Diýaryň ýugrumy ýetik bereketli topragy bar. Munuň bilen birlikde il-halkyň aladasyny iň öňde goýýan, beýik we asylly maksatlary ileri sürýän hormatly Ýurt Baştutanymyzyň, çuňňur parasada ýugrulan syýasaty netijesinde ykballar gül açýar. Beýik işlere badalga bolýan ösüşlerimiziň düýp sebäbi dogrusynda onlarça aýratynlygy ýatlap bolar: milli Liderimiziň uzak geljegi nazarlaýan syýasy bakyşlary, her bir meselä toplumlaýyn çemeleşmegi, diňe şu günüň däl, eýsem geljegiň meselelerini we mümkinçiliklerini öňünden kesgitläp bilmek başarnygy, ähli milleti bir asylly maksadyň başyna jemläp bilmek ukyby, döwlet dolandyryşyndaky adyllygy hem-de jöwher deýin ýiti paýhasy, mahlasy, bu sanawy ýene-de uzaldyp bolar.

Rahmet GYLYJOW,
«Dünýä edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory.
Beýleki habarlar