Sanly ulgam — kämil jemgyýetiň esasy

24 Fewral 2021
1744

Hormatly Prezidentimiziň tassyklan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» öz kabul edilen gününden başlap, ýurdumyzyň ähli pudaklaryny täzeçillik howasy bilen gurşap aldy. Bu Konsepsiýanyň durmuşa ornaşdyrylyp başlanylmagy, diňe bir pudak işgärlerini gyzyklandyrman, eýsem, tutuş halkymyzyň uludan-kiçä hemmesini aýratyn bilesigelijilige atardy. Elbetde, özüniň her başlan işini «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgeden ugur alyp durmuşa geçirýän hormatly Arkadagymyzyň baştutanlygynda edilýän her bir iş, ilki bilen halkymyzyň bagtyýar durmuşyny nazarlaýar.

Daşary ýurtlar tarapyndan öndürilen öýjükli telefonlary elimize alyp, onuň mümkinçiliklerinden uly höwes bilen peýdalanyp başlanymyz ýaňy ýalydy. Bu gün bolsa şeýle telefonlary özümiz öndürýäris. Diňe bir öýjükli telefonlar däl, eýsem, kompýuterler, sowadyjylar, telewizorlar ýaly gündelik durmuşymyzda iňňän zerur tehnologiýa enjamlary-da indi özümizde öndürilip başlanyldy. Şeýlelikde, häzirki wagtda biziň ýurdumyz tutuş durky bilen sanly ulgamyň belent sepgitlerini nazarlap öňe barýar. Öňki el güýji bilen edilýän işleri kompýuterlerdir beýleki enjamlaryň düwmelerine basmak arkaly amala aşyrmak, bir tarapdan, işlenip goýlan meýilnama esasynda işiň birkemsiz ýerine ýetirilmegine kömek edýär. Ikinji bir tarapdan bolsa, işiň aňsat usulda ýerine ýetirilmegi, bir ýerde zähmet çekýän adamlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň hem özara düşünişmek arkaly dowam etmegine mümkinçilik döredýär. Çünki adamyň işini kyn we fiziki agram berýän usullarda ýerine ýetirmegiň deregine, has tiz we aňsat usulda ýerine ýetirmegi, ony aşa ýadawlykdan halas edýär. Netijede, adamyň öz ruhy dünýäsine serenjam berip, daş-töweregindäki adamlar bilen ýakymly gatnaşykda bolmagyna esas döreýär. Bu bolsa sanlylaşdyrmak usulynyň diňe bir pudagy ýa haýsydyr bir edarany däl, eýsem, jemgyýeti hem kämilleşdirýändiginden aýdyň alamatdyr.

«Esger».
Beýleki habarlar