Habarlar

19 Fewral 2021
849

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ GUTLAGLARY

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň diplomatiýasy — onuň taryhy, häzirki döwri, geljegi» atly ylmy maslahata gatnaşyjylara Gutlag iberdi. Milli Liderimiz Gutlagda: «Ýurdumyzyň milli bähbitlerini hemmetaraplaýyn goramakda we halkara gatnaşyklar ulgamyndaky belent abraýyny artdyrmakda döwletimiziň diplomatik gullugynyň öňde goýlan wajyp wezipeleri ýokary derejede ýerine ýetirjekdigine men berk ynanýaryn» diýip belleýär.

Metbugat habarlary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar