Ygtybarly hyzmatdaşlykda giň mümkinçilikler

19 Fewral 2021
934

Uglewodorod serişdeleriniň gorlary we öndürilýän möçberleri boýunça dünýäde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýän Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan energetika ulgamynda giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda möhüm işleri durmuşa geçirýär. Ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak, energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilýän möçberlerini köpeltmek ugrunda anyk işler durmuşa geçirilip, oňyn netijeler gazanylýar.

18-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Lukoýl» açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi. Işjeň we netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy. Türkmenistanyň nebit-gaz senagatynda amala aşyrylýan giň möçberli maksatnamalar hem-de düzümleýin taslamalar hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.

«Watan».
Beýleki habarlar