Aşgabat — sazlaşykly gözellikleriň mekany

17 Fewral 2021
852

Mähriban Prezidentimiziň parasatly başlangyjy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylymyz şatlyk-şowhuna, rysgal-berekete we uly üstünliklere beslenýär. Garaşsyz ýurdumyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýyly ata Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Ýylyň ilkinji günlerinden ähli halkymyz hormatly Prezidentimiziň döredip beren giň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanyp, tutanýerli zähmet çekýärler we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 30 ýyllyk hem-de ak mermerli paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramçylygyna uludan taýýarlyk görýär. Milli Liderimiziň baştutanlygynda şu ýylyň 12-nji fewralynda bolup geçen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gazanylan ösüşler baradaky maglumatlar, Gahryman Prezidentimiziň durnukly ösüşi üpjün etmek üçin kesgitläp beren aýdyň wezipeleri bagtyýar geljegimiziň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenýändigine bolan ynamy has-da artdyrýar.

Milli Liderimiziň göz öňünde tutulan maksatnamalaryň çäklerinde, gurluşyk pudagyna 38 milliard amerikan dollaryndan hem köp maýa goýumlaryň goýlandygy, geçen ýylyň özünde hem maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriň hasabyna bahasy 8 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 45 sany iri önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň ulanmaga berlendigi barada aýdanlary, Bitarap ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatly döwletdigini nobatdaky gezek äşgär etdi. Şu ýyl üçin gurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde hem uly işleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleri boýunça düýpli maýa goýumlaryň möçberi 40 milliard manada golaýlaýar. Bu bolsa zawod-fabrikleriň, hassahanalaryň, saglyk merkezleriniň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, mekdepleriň, medeniýet öýleriniň, dolandyryş merkezleriniň, täze şäherçeleriňdir ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny hem-de durkuny täzelemegi öz içine alýar.

Amangeldi ORAZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar