Zähmetsöýerlik — gaýratlylygyň gözbaşy

16 Fewral 2021
1082

Bahar paslynyň gelmegi bilen ýurdumyzda ählihalk agaç ekmek dabarasy giňden ýaýbaňlandyrylyp, täze bag nahallary oturdylýar, ýaş baglara ideg edilýär. Şol pursatlar baýramçylyk şowhunyna öwrülip, köp wagtlap ýadyňda galýar. Birnäçe ýyldan soň ýaňky ýerde baglygyň dörändigini öz gözüň bilen görýärsiň. Mekdebe gelen ýaş çagalaryň oturdan nahalynyň olar uçurym bolýançalar, nähili bolup ýetişjekdigi mugallymlaryň terbiýesine, adamlaryň görüm-göreldesine baglydyr.

Hawa, tebigata söýgi zähmete söýgini kemala getirmegiň binýadydyr. Aslynda, tebigata söýgi ilkinji orunda bolmaly. Zähmet hem aňly-düşünjeli guralmasa, ol harsydünýälige barýar. Şeýle zähmetiň netijesi ýaramaz bolup, tebigata zeper ýetirip biler. Ekologiýa taýdan düşünjeliligiň möhümligi hem şondadyr. Zähmet diňe oňyn netijäniň — adamlaryň bähbidine, tebigy deňagramlylygyň saklanmagyna hyzmat etmelidir. Käteler ýeri hapa-haşal otlardan arassalamak üçin ondaky ähli minerallara zyýan ýetirilýän ýagdaýlary-da bolýar. Şeýle ýagdaýlaryň her biri hem ylymda aýratyn göz öňünde tutulýar we olaryň öňüni almagyň çäreleri işlenilip düzülýär. Ol toplumlaýyn häsiýetde bolup, sansyz köp bilimleriň, ylmy seljermeleriň jeminden ybaratdyr. Halkymyzyň zähmet terbiýesinde şolar bilen bagly düşünjeler hem kemala getirilendir. Topraga, suwa nähili garamalydygy görüm-görelde bilen nesilden-nesle geçirilýär. Şolar esasynda ýaş nesillerde zähmete söýgini döretmek jemgyýetimiziň möhüm wezipesidir. Eziz Watanymyzyň ösüşlerinde öz beýanyny tapýan döwlet syýasatymyzda hem ünsden düşürilmeli däldir. Gowy görelde ýaýylmalydyr, netijäniň maksada görä däldigi hem durmuş mysallary esasynda ýaşlara düşündirilmelidir.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan.
Beýleki habarlar