Baky bagty peşgeş beren Arkadaga alkyş bolsun!

10 Fewral 2021
2173

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pähim-paýhasyndan kemal tapan Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe durmuşymyz turuwbaşdan özgerip, tutumlarymyz rowaçlyga beslendi. Hut şonuň üçinem dört ýyl mundan ozal Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň raýatlary Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna agzybirlik bilen bir adam ýaly bolup gatnaşdylar we öz milli Liderini döwlet Baştutanlygyna täze möhlete saýladylar. Munuň özi halkyň erk-isleginiň aýdyň beýanyna öwrüldi we şol bir wagtyň özünde-de örän dürs ädim boldy. Taryhy wakalary peşgeş berip, tirkeş gurap geçip barýan ýyllar bu hakykaty bütin aýdyňlygy bilen görkezýär: ata Watanymyz Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde uly-uly ösüşlere eýe bolup, täze belentliklere bedew bady bilen ynamly barýar, halkara derejesindäki at-abraýy bolsa has-da belende göterilýär.

Biz «Garaşsyz Watanymyz biziň her birimiz üçin ezizdir, onuň şan-şöhratyny has-da belende götermek uly bagtdyr» diýýän pähimdar Baştutanly ýurduň, «Hyzmatdaşlyk, ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri Türkmenistanyň alyp barýan halkara işiniň esasyny düzýär» diýýän milli Liderli döwletiň we «Biziň ähli işlerimiz mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň we rowaçlygynyň hatyrasynadyr» diýýän Gahryman Arkadagly Watanyň raýatydygymyz üçin beýik bagtyň eýesidiris.

Döwletmämmet GARAKLYÝEW,
«Balkan».
Beýleki habarlar