Ýaş nesliň aladasy

10 Fewral 2021
1396

Halkymyzda «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýlen aýtgy ýörgünli. Çünki çagalarymyzyň edepli, terbiýeli bolmagy ähli zatdan zerur.

Jemgyýetiň sagdynlygy ösüp gelýän ýaş nesle bagly. Ýaş nesil — Watanymyzyň daýanjy. Şeýle bolansoň, döwletiň hem-de jemgyýetiň öňe gitmeginiň berk binýatlarynyň biri milli ruhda döwrebap terbiýelenýän, ylymly-bilimli ýaş nesildir. Berkarar Döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesliň baý milli mirasymyza sarpa goýýan, maksada okgunly, ylymly-bilimli, ene-ata, il-güne, Watana wepaly nesiller bolup ýetişmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilýär.

Gülüstan ÇAÝTYÝEWA,
Balkanabat şäherindäki 38-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.
Beýleki habarlar