Dalaşgärler hödürlenilýär

8 Fewral 2021
1258

Welaýatymyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny guramaçylykly geçirmäge giňden taýýarlyk görülýär. Bu ugurda ýörite düzülen meýilnama esasynda çäreler geçirilýär. «Türkmennebit» döwlet konserniniň “Burnebitgazhyzmat” müdirliginiň tehniki wagyz ediş we durmuş maksatly hyzmatlar merkezinde welaýat halk maslahatynyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemeklige bagyşlanan mejlisi geçirildi.

Işjeň ýagdaýda geçen mejlisde saýlaw möwsüminiň dowamynda guralýan dürli mazmunly çäreleriň uly ähmiýetiniň bardygy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe saýlawlaryň milli ýörelgeler we giň bäsdeşlik esasynda geçirilýändigi, munuň üçin ähli şertleriň döredilendigi bellenip geçildi hem-de Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözleri aýdyldy. Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek hukugy welaýat, etrap, şäher halk maslahatlaryna degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, welaýat halk maslahaty tarapyndan dalaşgärlige üç adam hödürlenildi. Mejlise gatnaşyjylara öz erk-isleglerini, tekliplerini erkin beýan etmäge giň mümkinçilikleriň döredilmegi hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen ýurdumyzda demokratik özgertmeleriň rowaçlanýandygynyň subutnamasy boldy. Her bir dalaşgärlige hödürlenilýäniň şahsy we işjeň häsiýetleri, guramaçylyk ukyplary bilen ýakyndan tanyşdyryldy. Dalaşgärlige hödürlenilýänler hem öz gezeginde Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň ösüşlerine goşant goşmakda ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Muhammetmyrat ÖWEZOW.
Surata düşüren Andreý Pakulow, «Balkan».
Beýleki habarlar