Kesbini ykbalyna öwren

7 Fewral 2021
2918

Arada tanşym bilen Baýramaly şäherinde Yslam aga diýen bir ýaşuly adamyňka myhmançylyga bardyk. Çaý-nahardan soň, ol öz kakasynyň demir ýol ulgamynda biregne 77 ýyl işländiginden söz açdy. Meniň soranjaňlygymy ilki geň gören öý eýesi özüne has tanyş hem juda ýakyn ýatlamalaryny ýakymly duýgulara gaplap, gürrüň bermäge başlady.

— Kakam geçen asyryň iň kynçylykly ýyllarynda, Beýik Watançylyk urşunyň başlan uçurlarynda demir ýol işgäri bolup işläpdir — diýip, Yslam aga söze başlady: — Ol ömür ýolunyň manysyna öwrülen käri hakda hemişe gürrüň ederdi. Kakam Ali Mamedow 1929-njy ýylda Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde, daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Soňra olaryň maşgalasy Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabyna göçüp gelip, şol ýerde birnäçe ýyl ýaşaýar. 1934-nji ýylda kakam Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen çagalar mekdep-internatyna okuwa girýär. Şol ýerde bäş ýyl çemesi tälim alyp, Balkan welaýatynyň öňki Gyzylarbat, häzirki Serdar şäherindäki başlangyç hünär mekdebinde okuwyny dowam etdirýär. Bu ýerde alty aý okaýar. Okuwyny tamamlap, Orta Aziýa demir ýol okrugyna degişli Mary demir ýol deposynda, gögele çagadygyna garamazdan, ilkinji zähmet ýoluna başlaýar. Depoda ýolagçy we ýük daşaýan otlularyň kömürçisi, otla erk edijiniň kömekçisi bolýar. Gazaply uruş ýyllarynda tylda edermenlikli zähmet çekýär. Bu döwür ol demirýolçy hünärini birkemsiz ele alýar.

Şageldi SALYHOW,
Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Şordepe geňeşliginiň ýaşaýjysy.
Beýleki habarlar