Gatnaşyklar berkidilýär

5 Fewral 2021
1052

Öňňin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň, daşary işler ministriniň BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (UNESCAP) ýerine ýetiriji sekretary, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Armida Salsiýa Alişahbana bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi.

Taraplar Türkmenistanyň UNESCAP bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki derejesine ýokary baha berdiler, hususan-da, onuň energetika, statistika, söwda we ulag, migrasiýanyň dolandyrylmagy, tebigy heläkçilikleriň peseldilmegi hem-de beýleki ileri tutulýan ugurlar bilen täze mazmuna eýe bolýandygyny bellediler.

Beýleki habarlar