Sazlaşykly gözellikleriň ak şäheri

5 Fewral 2021
1216

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen atlandyrylan 2021-nji ýyl ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda ähmiýetli wakalara baý ýyllaryň biri hökmünde taryhyň altyn sahypalaryna ýazylýar. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy milli Liderimiziň halkara başlangyçlarynyň rowaçlanmagy, ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy we beýleki köpsanly milli-medeni gymmatlyklarymyzyň dünýäde dabaralanmagy, milli ykdysadyýetiň ýeten sepgitleri bilen joşguna beslener.

1881-nji ýylda esaslandyrylan Aşgabat şäheri 140 ýylyň dowamynda düýpli özgertmeleri başdan geçirdi. Geçen ýyllarda toplumlaýyn şähergurluşyk-binagärlik çözgütleriniň üstünlikli berjaý edilmeginiň netijesinde ýurdumyzyň paýtagty düýpli täze keşbe eýe boldy. Hormatly Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Aşgabat şäherini ösdürmegiň nobatdaky 16-njy tapgyrynyň açylmagy aýratyn bellärliklidir. Paýtagtymyzyň şähergurluşyk-binagärlik keşbini düýpli özgertmek babatda ýene-de ençeme iri taslamalaryň üstünde işlenilýär. Hormatly Prezidentimiz «Altyn kölüň» kenarynda täze ýaşaýyş jaý toplumlaryny gurmak başlangyçlaryny öňe sürdi. Bu başlangyçlaryň durmuşa geçmegi paýtagtymyzyň has-da gözel keşbe eýe bolmagyny alamatlandyrar.

Kerimguly GELDIÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara gatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy.
Beýleki habarlar