Hat-ýazuwyň taryhyndan

4 Fewral 2021
2686

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň her bir pudagynda, ylymda, bilimde, medeniýetde, ykdysady hem-de syýasy ugurlarda, şol sanda dilimizde-de, edebiýatymyzda-da uly öňegidişlikler gazanylýar. Gahryman Arkadagymyz ösüp gelýän ýaş nesli aňly-düşünjeli, ylymly-bilimli, sagdyn ruhda terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýär hem-de ene dilimizi, edebiýatymyzy we taryhymyzy ylmy esasda öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredýär.

Elbetde, taryhymyzda, edebiýatymyzda gymmatly maglumatlary asyrlaryň jümmüşinden şu günlerimize getirýän zat ýazuw ýadygärliklerimiz bolup durýar. Ilkibaşda tebigatdaky aýry-aýry zatlary habar bermegiň, ýatda saklamagyň ilkinji serişdeleri beýan edilipdir. Muňa zatlaryň ýazuwy hem diýilýär. Olar haýsy-da bolsa bir zady aňladýan, habar berýän alamat bolup çykyş edipdir. Mundan başga-da, düwün ýa-da ýüp ýazuwy hem bolupdyr. Meselem: Ol taýaga daňlan dürli reňkli hem-de örülen ýa-da işilen, düwlen ýüplerdir. Düwlen gyzyl reňkli ýüp goşuny, ýaşyl reňkli ýüp däneden bişirilen çöregi, sary reňkli ýüp altyny aňladypdyr.

Taýýarlan Garahanjar BAÝHANOW,
Babadaýhan etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar