Parahatçylygyň we ösüşiň kepili

3 Fewral 2021
1763

Dünýä ýüzünde parahatçylygyň, dost-doganlygyň ýurdy hökmünde tanalýan, mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde amala aşýan buýsançly pursatlar, taryhy wakalar, oňyn ösüş-özgerişler bu mukaddes toprakda ömür sürýän, azat-erkin zähmet çekýän raýatlaryň eziz Watanymyza bolan mähir-söýgüsini artdyryp, täze üstünliklere ruhlandyrýar. Ýurdumyzdaky syýasy-ykdysady ösüşler, medeni-ruhy galkynyşlar hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletli tutumlary amala aşyrýan agzybir il-halkymyzyň, berkarar Diýarymyzyň şu gününiň bagtyýarlygyndan, geljeginiň has-da röwşen hem nurana boljagyndan habar berýär. Asyrlar aşyp gelýän halallyk, sahawatlylyk, ynsanperwerlik ýaly gyzyldan gymmatly gylyk-häsiýetlerimiz durmuşymyza çuňdan kök urup, ynsan gatnaşyklarynda esasy ýol-ýörelgelerimize öwrüldi.

Türkmenistan ysnyşykly hem işjeň gatnaşyklary ýola goýmak we ösdürmek isleýän daşary döwletleriň wekilleriniň, işewürleriniň gelim-gidimli ýerine öwrülip, sebitde we bütin dünýäde parahatçylygy goramaga, asudalygy üpjün etmäge mynasyp goşandyny goşýan ýurt hökmünde uly abraý-mertebä eýe boldy. Daşary döwletler bilen syýasy, ykdysady, medeni ugurlarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn oňaýly, peýdaly hyzmatdaşlyklary ýola goýmaga çalyşýan ýurdumyzdaky özgerişler dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär.

Aýna NURYÝEWA,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Jezalary ýerine ýetirmek müdirliginiň 2-nji bölüminiň uly gözegçisi, içerki gullugyň maýory.
Beýleki habarlar