Mukaddes ýörelgeleriň rowaçlanmagy

1 Fewral 2021
1704

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda türkmen halkyna täze üstünlikler, rowaçlyklar ýar bolýar. Ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklaryny has-da çuňlaşdyrýan we halkara abraýyny belende göterýän taryhy wakalar biziň her birimiziň buýsanjymyza buýsanç goşup, ata Watanymyza bolan söýgimizi artdyrýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz Ýer ýüzünde parahatçylygy gorap saklamaga, özara ynanyşmak esasynda syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge mynasyp goşant goşýar. Hut şonuň üçinem hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Bu ajaýyp ýylda halkymyzyň mukaddes ýörelgeleriniň has-da rowaçlanmagy, ata-babalarymyzdan gözbaş alyp gaýdýan dost-doganlyk, ynsanperwerlik ýaly özboluşly milli häsiýetlerimiziň bütin dünýä nusga bolmagy bizi çäksiz begendirýär, buýsandyrýar. Elbetde, munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň ata Watanymyzyň, halkymyzyň şan-şöhratyny has-da belende götermek ugrundaky taýsyz tagallalarynyň miwesidir.

Farhad ÝULDAŞEW,
Hazar şäher kazyýetiniň kazysy.
Beýleki habarlar