«Dagdanly taýmaz...»

1 Fewral 2021
1692

Dünýä halklarynyň medeniýetinde şowlulyk getirýän, daşarky ýaramaz täsirlerden goraýan dürli hili şekilleriň, esbaplaryň asylyp goýulýandygyny bilýänsiňiz. Biziň halkymyzda dagdan, düýe ýüňi, alaja ýaly zatlar ýakymsyz täsirlerden, gözden-dilden goraglylygy aňladýar. Şunuň bilen baglanyşyklylykda bir rowaýat bar.

«Öňem bir adamyň gözi degýän ekeni. Nazary düşen, mähri giden zatlary derrew bir kemçilik ýa dert tapynýan ekeni. Bu ýagdaýy onuň obadaşlary-da, özi hem bilýän ekeni. Ol öz bolşundan müýnürgäp, töweregindäkilere: «Meniň gözüm degegen-dä» diýýärmişin. Şol adamyň bir gezek owadan kejebeli, daýaw düýäniň ýoldan gelýändigine gözi düşýär. Seretmäýin diýse-de bolmandyr. Gyzyl-ýaşyl öwüşgin atýan kejebä, düýäniň daýawlygyna ol aňkarylyp galypdyr. Ýanyndaky adamlar hem bu ýagdaýy synlap, indi näme bolarka diýip, geň galyp seredişipdirler. Kejebeli düýe onuň nazary düşenden, entirekläp, bir silkinen ýaly edipdir-de, ýene öňki kaddyna gelipdir. Seredip görseler, düýäniň owsarynyň ýanynda kiçijik dagdan agajy barmyşyn». Şondan hem «Dagdanly taýmaz, taýsa-da gaýmaz» diýen nakyl döräpdir.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan.
Beýleki habarlar