Mahmyt Kaşgarlynyň sözlügi — dilimiziň ajaýyp gymmatlygy

28 Ýanwar 2021
2473

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym-bilim ösdürilýär, gadymdan gelýän milli gymmatlyklarymyz ylmy esasda öwrenilýär. Muňa mysal hökmünde, orta asyr türkmen edebiýatynyň wekilleri bolan Mahmyt Kaşgarlynyň, Mäne babanyň, Mahmyt Zamahşarynyň, Muhammet Gazalynyň, Mähri Hatynyň, Garajaoglanyň, Reşideddin Watwatyň we beýleki nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliginiň öwrenilişini beýan etmek bolar.

Dünýä belli alym Mahmyt Kaşgarly türkmen dilini ylmy esasda öwrenmekde gymmatly miras goýan şahsyýetdir. Ol dünýä derejesinde ykrar edilen şahsyýetleriň biri bolmak bilen, ylym äleminde nur saçýan ýyldyz hasaplanýar. Biziň günlerimize onuň ýekeje kitaby, şol kitabyňam bary-ýogy ýekeje nusgasy gelip ýetipdir. Gözelligi, şirinligi bilen şöhratlanan dilçi alymyň «Diwany lugat at-türk» (Türki dilleriň diwany) atly meşhur eseri häzirki döwürde içgin öwrenilýär.

Enegül ŞALLYÝEWA,
Görogly etrabyndaky 34-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar